Haly dokamakda ulanylýan gurallar hakynda…

Mähriban halkymyz ruhy ýörelgelerden ylham alyp dünýä medeniýetine nepis türkmen halysyny, kilimdir-keçesini, täsin milli egin-eşiklerini, kümüş şaý-seplerini goşmagy başaran halk. Halyçylyk sungaty – halkymyzyň naýbaşy maddy gymmatlygydyr. Türkmen haly senetçiligi özüniň köklerini gadymyýetden alyp gaýtmak bilen, ol türkmen halkynyň taryhy, ýaşaýşy, milli hem-de medeni däpleri bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Arkadagymyz halyçylyk sungaty barada: “Özüniň müňlerçe ýyllyk taryhynda türkmeniň ruhunyň ylham çeşmesinden, edermen halkymyzyň keşbi hem-de eli görkli zenanlaryň kalbynyň çuňundan dörän haly hünärmentçiligi sungat derejesine, özem dünýäni haýran edýän sungat derejesine ýetdi” diýip belleýär. Çeper elli, zähmetsöýer türkmen zenanlary halyçylyk sungatynyň syrlaryny saklap, ony has-da kämilleşdirip geljekki nesillere geçiripdirler.

Haly dokamak üçin gerek bolan enjamlaryň ilkinjisi syndydyr. Ol haly dokalanda iki setir çitilen çitimiň, öýdümiň ösgün ýüpüni gyrkmak üçin niýetlenen. Keser – dokma dokalanda çitilen ýüpi kesmek üçin ulanylýan, tygy gaýşagrak, saplyja kiçijik guraldyr. Haly çitilende keser elmydama sag elde saklanýar. Alym I.N.Hlopin tarapyndan Sumbar sebitlerinde we Parhaýda  giçki bürünç eýýamyna degişli 40-a golaý daşdan ýasalan keserler tapyldy. Bu bolsa bu zähmet gurallaryny biziň ene-mamalarymyzyň gadymdan bäri hem ulanyp gelýändigini subut edýär.

Haly dokamakda ulanylýan gurallaryň ýene-de biri darak bolup, oňa dokmadarak hem diýilýär. Dokmadarak – dokma dokalanda çitilen çitimleri, öýdülen öýdümleri syklyk, berklik üçin kakmaga gerek bolan demir dişli, agaç tutawaçly guraldyr. Halyçylykda darak kakmak arkaly dokalýan önümiň argajy, çitilen çitimleri berk gyslyşar ýaly kakylýar. Hatda käbir halylara darak nagşy hem salynýar. Darak nagşy dokma daraga meňzedilip salynýan, yzy üzülmän gidýän diş-diş nagyş bolup, bu nagyş köplenç gyzyl çuwallara salynýar.

Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen milli medeniýetimizi ösdürmek, ony dünýä medeniýetiniň aýratynlyklarynyň sanawyna goşmak babatda gysga döwrüň içinde uly işler amala aşyrylýar. Goý, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň ösdürilmegi, kämilleşmegi üçin dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gunça ORAZMAMEDOWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň
Taryh fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok