Dünýäniň iň gymmatly markalary aýan edildi

Dünýäniň iň gymmatly markasy, bu ýyl hem 2021-nji ýyldaky ýaly 355 milliard dollar bilen “Apple” kompaniýasy “Amazon”-yň yzyndan ýetdi.

“Brand Finans” halkara markalaryna baha beriş guramasy tarapyndan taýýarlanan “Dünýäniň iň gymmatly 500 markasy-Global 500-2022 gözleg” hasabat üstünlikli tamamlandy.

Hasabatda berlen maglumatlara görä, bahasyny geçen ýyl bilen deňeşdirilende 35 göterim ýokarlanyp, 355 milliard dollara çenli ýeten “Apple” şereketi “Dünýäniň iň gymmatly markasy” adyny saklamagy başardy. Şeýle hem “Apple” 2621,4 milliard dollar bilen 2021-nji ýylda geçirilen gözlegde birinji ýerde durýar.

“Amazon” markasy takmynan 350 milliard dollar, “Google” bolsa degişlilikde 263 milliard dollar bilen “Apple” şereketiniň yzyna eýerdi.

Ýokarda agzalan sanawda ABŞ-nyň “Microsoft” kompaniýasy 184,2 milliard dollar bilen 4-nji, “Walmart” bölek satuw kompaniýasy 112 milliard dollar bilen 5-nji, Günorta Koreýanyň “Samsung” şerketi 107,3 ​​milliard dollar bilen 6-njy, ABŞ-nyň “Facebook” platformasy bolsa 101,2 milliard dollar bilen 7-nji, Hytaýyň “ICBC” şerketi 75.1 dollar bilen 8-nji ýerde durýar.

Gözlegleriň netijelerine görä, ýurtlaryň sanawynda ABŞ öňdeligi eýeledi. Global 500 sanawdaky kompaniýalaryň 199-sy ABŞ-nyň kompaniýalary, 77-si hytaý, 31-si ýapon, 28-si fransuz, 25-si nemes we 23-si iňlis kompaniýalary bolup durýar.

Guwanç ÖDÄÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok