Howadan uglerod dioksidini özüne siňdirýän mehaniki agaçlar işlenip düzüldi

Arizona döwlet uniwersitetiniň gözlegçileri daş-töwerekdäki howadan kömürturşy gazyny siňdirip bilýän mehaniki agaçlary döretdiler. Bu mehaniki agaçlar dünýäde ilkinji kömürturşy gazyny özüne siňdirip bilýän täze tehnologiýa bolar.

Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi, global ýylylyk we ozon gatlagynyň gitdigiçe azalmagy ýaly meseleler planetamyza has dogrusy tebigat bilen bagly birnäçe meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Agaçlaryň, tokaýlaryň we tebigy baýlyklaryň ýok bolmagy dünýädäki kömürturşy gazynyň köpelmegine getirýär. Bu bolsa adamzat üçin örän howply ýagdaý bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, alymlar emeli usulda organiki we mehaniki agaçlary ýasamak meselesine girişdiler.

Kömürturşy gazynyň emeli usulda ýok edilmegi bilen meşgullanýan Arizona döwlet uniwersitetiniň professory Klaus Lakner täze söhbetdeşlikde döreden mehaniki agaçlarynyň kömürturşy gazyny siňdirip biljekdigini we adamlary howanyň üýtgemeginiň täsirlerinden halas edip biljekdigini aýtdy.

Lakner mehaniki agaçlaryň işleýşini şeýle suratlandyrýar: “Bu mehaniki agaçlaryň uzyn dik sütünleriniň diametri takmynan 1,5 metr bolup, agaç içindäki gatlaklaryň arasynda 5 santimetr bar. Howa bu gatlaklardan geçip barýarka, kömürturşy gazyny özüne siňdirýär we 20 minutdan soň doldurylýar. Soňra bolsa aşaky çeleklere düşýär, ondan soň suw we bug bilen uglerod dioksidini aýyrmak we saklamak arkaly gaýtadan işlenýär.”

Tylla ÇARYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok