Türkmenistanyň baş diplomaty bilen HHR-nyň ilçisi duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen-iň arasyndaky geçen duşuşyk ýokary işjeňligi gazandy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar iki ýurdyň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň ösüşine ýokary baha berdiler we şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda Döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejedäki çäreleriň, hususan-da «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti bilen bagly bolan meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda mundan başga-da Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meselelere hem garaldy.

Serdar ANNAGELDIÝEW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok