Dünýä derejesindäki ekologiki sene

Her ýylyň 20-nji ýanwarynda dünýä jemgyýetçiligi faunamyza özboluşly görk berýän guşlaryň biri bolan pingwinleri goramak maksady bilen ekologiki baýramy belleýär. Bu günüň maksady pingwin guşlarynyň goraglylygyny artdyrmaklyga, görnüş sanyny aýawlylygyny gazanmak arkaly bu baradaky bilimleri güýçlendirmeklige gönükdirilendir.

Özboluşly guşlar bolan pingwinler uçmaýan, suwda ýüzýän görnüşler bolup, dünýäde 18 görnüşi duşýar. Olaryň iň ulusy-da imperator pingwinidir. Onuň boýy 120 sm, agramy 40 kg gowrakdyr. Iň kiçi wekilleriniň agramy bary-ýogy 2 kg möçberindedir. Pingwinler esasan hem günorta ýarym şaryň açyk deňizlerinde, ýagny Arktikanyň, Täze Zelandiýanyň, Günorta Awstraliýanyň, Günorta Amerikanyň kenarýakalarynda, Galapagos adalarynda ýaşaýarlar. Olar topar bolup ýaşamaklyga uýgunlaşandyr. Bu guşlaryň ýaşaýyş dowamlylygy ortaça 25 ýyla deňdir. Daşky deri örtügi gaty galyň gatlagy emele getirmek bilen, sowuk howa şertlerinden goraýar we bedeniň ýylylygyny saklamaga ýardam edýär. Pingwinler suw ýaşaýşyna diýseň gowy uýgunlaşan bolup, sagatda 10 km tizlik bilen ýüzüp bilýärler. Olar hatda 200 metr çuňluga hem çümüp bilýärler. Jübütleşme döwri olar iýmitlenmeýärler, ýagny bedendäki artykmaç ýaglaryň dargamagy netijesinde bölünip çykýan energiýanyň hasabyna ýaşaýarlar. Pingwinler örän özüne çekiji we dostana jandarlardyr, olaryň daşky keşbi, hereketlenişi ajaýyp bolup, adamda ýylgyryşy oýarýar. Ýyl-ýyldan bu guşlaryň sany birnäçe faktorlaryň täsirinde barha azalmak, onuň 7 görnüşine ýitmek howpy abanýar. Esasan hem nebit we beýleki önümleriň täsirinde suwlaryň hapalanmagy suw ekosistemasyna howply zyýan ýetirýär. Şol sebäpden hem şeýle möhüm gün bu guşlaryň goraglylygyny artdyrmak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek baradaky düşünjeleri oýarmak babatda özboluşly bir pursatdyr.

Soltanjemal HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok