“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýeti nobatdaky Goşmaça ylalaşygy baglaşar. Bu ylalaşyk “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek şertnamasynyň çäklerinde hereket eder. Bu baradaky habar oilgas.gov.tm belläp geçýär.
Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe netijeli işler alnyp barylýar.
Nebitgaz çykaryş ulgamynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Tatneft» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk 13 ýyldan gowrak wagt bäri işjeň ösdürilýär we 2008-nji ýylyň 28-nji iýunynda Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasynda degişli Ylalaşyk bilen berkidildi. «Goturdepenebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň guýularynda geçirilen işlerden soň, türkmen nebitçileri «Tatneft» kompaniýasyndaky kärdeşleri bilen bilelikde olaryň abatlaýyşsyz iş möhletini 6 esse artdyrdylar. Goşmaça nebitiň ägirt köp mukdary alyndy.
Yhlas AMANOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby
Teswirler