Türkmenistan geçen ýyl 50 tonnadan gowrak gaplanan balyk önümlerini daşary ýurtlara eksport etdi

Türkmenistan geçen ýyl 50 tonnadan gowrak gaplanan balyk önümlerini daşary ýurtlara eksport etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň balykçylyk bilen meşgullanýan agzalarynyň sany 60-a golaýlaýar. Balyk ýetişdirýän iri kärhanalaryň hatarynda Ahal welaýatyndan «Toý zaman» hojalyk jemgyýetini, Balkandan «Hazar balyk» AGPJ-ni, Daşoguzdan «Ak durna» hususy kärhanasyny, Lebapdan «Lebap balyk» hojalyk jemgyýetini, Marydan «Täze balyk» hususy kärhanasyny görkezmek bolar.

«Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda» 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permana gol çekmegi bilen, komitetiň garamagyndaky kärhanalar hususylaşdyryldy. Olarda abatlaýyş, durkuny täzelemek we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak işleri geçirildi.

Ýurdyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen balyk dükanlary hem-de söwda nokatlary açyldy.

Belläp geçsek, balykçylyk pudagy 4 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, balykçylyk hojalyklarynda 19 sany dikeldiş-abatlaýyş çäreleri göz öňünde tutulyp, olaryň 5-si boýunça desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri tamamlandy, 14-sinde işler dowam edýär.

Öwezmyrat ORAZMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok