Medeni mirasymyzdan ruhlanyp

Bagtyýar türkmen halkymyz 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň adyny uly buýsanç şatlyk duýgulary bilen garşy aldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni, her bir ýyly beýik üstünliklere, bedew batly ösüşlere beslenip gelýär. Bu bolsa parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen ýetilen bagtyýar durmuş geljekde hem dowamat-dowam boljakdygyna ynamy artdyrýar.

Türkmen halyçylyk sungatynyň nagyşlary türkmen halkynyň çeperçilik däplerini özünde jemleýär. 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, Ählisi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!” atly milli mirasymyza bagyşlanan dabarada türkmen amaly-haşam sungatyna degişli haly, keçe, zergärçilik, heýkel, külalçylyk, neçjarçylyk işleri görkezilip, gadymy we häzirki zaman döwrüň taryhy arabaglanyşygyny görmäge mümkinçilik berýär.

Merkezi Aziýada ýerleşen Türkmenistanyň çäkleriniň tebigy sazlaşygy mis-daş asyryň ahyrynda we irki bürünç asyryň Jeýtun medeniýetiniň dag etek oazisinde ýerleşen ekerançylyk medeni ojaklary bolan birnäçe oba-şäherinde şekillendiriş sungatynyň görnüşleri haşam heýkeltaraşlyk, zergärçilik, külalçylyk we dokmaçylyk senetleriniň ösendigini görkezýän amaly-haşam sungatynyň ösendigini  tassyklaýar. Şol döwrüň Marguş binagärliginiň köşk we ýbadathana gurluşygyny, keramikanyň ýokary hilli derejesini we amaly-haşam sungatlarynyň kämilligi ähmiýetli bolandygyny we ýaşaýyş durmuş tejribesi dürli senediniň ösmegine mümkinçilik beripdir. Amaly-haşam sungatynyň taryhy ösüşiniň yzygiderligini saklaýan bu dabara türkmen halkyňgadymy döwürden bari ykdysadyýet we hojalygy ýöretmek, tehnika we däp-dessuryny hem-de sungatyň ösüş kanunlaryny, ahlak we ynanjaň alamatlary özünde jemleýän çeper eserleriniň üsti bilen görkezýär. Türkmen dokma medeniýetiniň bezeg däpleriniň özbaşdaklygy uzak wagtlap saklanmagy barada habar berýän haly nagyş köpdürliligi, olaryň durmuş hakykatynyň hemme gözelligine ýugrulan dünýägaraýyşy we özboluşly manylary, pikirleri halkyň ruhy durmuşyny doldurýarlar.

Keramikanyň, haly we bejerginiň şekil-nagyşlary häzirki zaman türkmen binagärliginiň bezegi bolup hyzmat edýärler. Gökdepäniň eteginde ýerleşen Pessejikdepede gadymy dini ybadathana binanyň diwarlary takyk geometrik şekilleri bilen nagyşlanan bolup, olar asyrlaryň bezegi bolup durýar. Döwrebap dizaýn we binagärlik taslamalarynda gadymy döwürden gelen amaly-haşam sungatynyň däplerini, milli haly nagyş-nyşanlaryny görmek mümkin.

Gadymy döwürden gelen şekilli nyşanlary, olaryň many-mazmunynyň düşünjeleri döwrebap binagärliginiň we dizaýn sungatynyň eserlerinde wajyp orny eýeläp, özüniň ýaşaýşyny dowam edýändigini görkezýärler. Meşhur bolan haly we bejergi nagyşlary häzirki döwrümiziň türkmen milli lybaslarymyzda, ýaşaýyş jaýlaryň interýerlerinde, jemgyýetçilik binalarynyň eksterýerinde milli äheň bermäge ukyplydygyny bu dabarada görkezilen binagärlik taslamalary hem görkezýärler. Dünýäde ýaýran milli binagärlikde “islimi” häsiýetli nagyşlary, geometrik görnüşli şekiller bilen sazlaşykly öz arasynda gaýtalanyp,  çylşyrymly owadan kompozisiýasyny döredýärler. Mundan başga-da, milli binagärlikde giňden peýdalanylýan geometrik häsiýetli nagyşlar “girih” ady bilen hem bellidir. Bu nagyşlar irki döwürlerinde bezeg hökmünde döräp we peýdalanyp, orta asyr döwürlerinde bütün Gündogar ýurtlarynyň binagärliginiň “ýüzi” bolup durýar. Bu nagyş bezegi däp bolup, yzygiderli dowam edenligini aňladýar. Nagyşlaryň arasynda nyşan hökmünde tanalýan haýwan şekiljikleri uly orun tutýar: guşlar, altyndan ýasalan maňlaýy pöwrize daşly öküz, möjek, goçuň şekili, bedewiň keşbi we ata-babalarymyzyň wepaly ýoldaşy alabaýlar, olaryň şekil keşpleri şertli nagyş häsiýetli ýagdaýda haly bezeginde hem peýdalanylýar. Bir taryhy wagtda bezegler bilen baglanyşyklykda dörän çeper önümleriniň bezeg-nagşy nyşanlara öwrülen şekilleriň yzlaryny halyda duýmak bolar.

Umuman, gadymy döwründe ilatyň dünýägaraýyş düşünjelerinde haýwan, adam, ösümlik şekilleri nyşan-bezeg hökmünde beýan etmek ýaýrapdyr we olar bilen bagly düşünjeler hemişe jemgyýetde ýaşamagyny dowam edýär.

Amaly-haşam sungatynyň nagyşlaryny döwrebap binagärlik we dizaýn sungatynyň özboluşlylygyna, adamlaryň dürli durmuş tejribesine we içki duýgylaryna täsir edýär. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesile geçýän, bütewi milli sungatynyň gymmatlyklaryny özüne siňdiren medeni düşünjeleriniň özboluşly “zynjyryny” döredýän döwrebap sungatymyzda olar yzygiderli dowam edenligini sergi görkezýär. Bu gün ýokary täsirli çeperçilik däplerini bina bezeginde we haly nagyşlarynda görmek mümkin.

 

Amantuwak Aýnazarowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň sungaty  öwreniş
kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok