«Lebapgazçykaryş» müdirligi 2021-nji ýylda 12,4 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz çykardy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligi geçen 2021-nji ýylda 12,4 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz çykardy. Bu ýokary netijäni görkezmekde «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleriniň üstünlikli işlemeginiň orny örän ulydyr. Bu görkeziji bolsa meýilnama 134% ýerine ýetirilendigni alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserninde geologiýa-gözleg işleri alnyp barylýar. Ol işler «Mawy ýangyjyň» çykarylyşyny mundan beýläk hem artdyrmaga gönükdirlendir.

Şeýle hem häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ymambabanebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda çuňlugy 3200 metre deň bolan gözleg-barlag guýusyny burawlap başladylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu ýerdäki gaz ätiýaçlyklary 30 mlrd kub metre barabardyr.

Begmyrat DÖWLETOW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok