Ýurdumyzyň energetika diplomatiýasy

Ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýlyhalkara guramalarynyň derejesinde giň goldawa eýe bolýan möhüm daşary syýasy başlangyçlar hem-de innowasion pikirler bilen yzygiderli çykyş edýän, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň täze hil derejesi globalizasiýanyň häzirkizaman şertlerinde Türkmenistanyň yzygiderli ösüşini, şol sanda onuň halkara arenasyndaky artýan işjeňligini adalatly baglanyşdyrýar. 

Olar Türkmenistanyň maksada okgunly we yzygiderli daşary syýasy ugruny dolulygyna ynamly görkezýärler hem-de dünýäniň syýasy arenasynda türkmen döwletiniň eýeleýän ähmiýetli ornuny, ilkinji nobatda, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ulgamynda has-da işjeňleşdirýärler.

Dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça Döwlet Baştutanymyzyň konseptual garaýyşlary we teklipleri sebit hem-de global derejelerinde hyzmatdaşlygyň amatly mehanizmleriniň bilelikdäki gözlegini we işläp taýýarlamagyny şertlendirýärler.

Olar häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge itergi berip, gyzyklanýan taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy gurmaga bolan konstruktiw çemeleşmelerini işläp taýýarlamaga, döwletleriň we abraýly halkara düzümleriniň gatnaşmagynda global we sebitleýin hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň has netijeli ýollaryny emele getirmäge ýardam berýärler.

Häzirki zaman derejesinde Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy häsiýetnamasy häzirki zaman uniwersal meýilleriň düýpli we toplumlaýyn seljermesi, halkara ulgamynda Türkmenistanyň fundamental garaýyşlarynyň we uzakmöhletleýin gyzyklanmalarynyň geljekde hem ösdürilmegine döredijilikli çemeleşme bolup durýar. Hut şunuň özi hem global ösüş proseslerine toplumlaýyn bileleşme ugruna eýerýän ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen işjeň we doly möçberli hyzmatdaşlygynyň özenini düzýär.

Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda onuň çalt depginler bilen özgerýän, dünýäniň çagyryşlaryna mynasyp jogap bolup durýan anyk ädimler arkaly utgaşdyrylýandygy bilen şertlendirilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistan, dünýäniň energetiki kuwwatyna eýe bolan öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde dünýä bileleşiginiň ünsüni energiýa howpsuzlygynyň ulgam dörediji elementlerine gönükdirmek arkaly okgunly halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

.

Dawut BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok