Minskda türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda çäre geçirildi

Türkmenistanyň Belorusiýa Respublikasyndaky ilçhanasynyň guramagynda geçirilen çärä, Minsk şäherinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Hususan-da, forum häzirki wagtda Belarus döwlet uniwersitetinde, Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, M.Tank adyndaky pedagogika uniwersitetinde, Belarusyň ykdysady uniwersitetinde we başga ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen ýaşlaryny birleşdirdi.

Çäräniň barşynda Belorusiýa Ruspublikasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew çykyş etdi. Ilçi ýurdumyzdaky alnyp barylýan özgertmeler barada gürriň berdi.

Çärede mundan başga-da ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitlerini şöhlelendirilýän wideo-film görkezildi we halkynyň bezeg we amaly sungat sergisi, akylly telewizor we kompýuterler ýaly içerki önümçiligiň suratlary we täzelikleri bilen üsti ýetirildi.

Gülnabat SAPAROWA

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok