Bakteriýalardan öndürilen belok ekologiýa taýdan amatly çeşme bolup biler

Bakteriýalardan belok öndürmegi başaran fin alymlary, bu azyk önüminiň has az çykdajy bilen 10 ýyl içinde soýa öndürýän belogyň ornuny tutýan ekologiýa taýdan arassa önüme öwrülip biljekdigini aýdýarlar.

 Solein diýilýän bu belok, toprakdaky bakteriýany suwda saklamak we kömürturşy gazyny we wodorod gazy bilen iýmitlendirmek arkaly öndürilýär. Bu usul bilen iýmitlendirmek arkaly bakteriýalar tarapyndan öndürilýän belok soňra guradylýar we toz halyna gelýär.

Toz görnüşindäki belogy islendik iýmite goşup bolýar ýa-da 3D printerler bilen käbir galyplarda ulanyp bolýar.

Gözlegçiler, bu elektrik energiýasynyň gün ýa-da ýel energiýasy ýaly täzelenip bilýän energiýadan alnan halatynda parnik gazlarynyň nol zyňyndylary bilen belok öndüriljekdigini aýdýarlar. Bu oba hojalyk önümçiligi bilen baglanyşykly köp meseläni aradan aýyryp biler.

Adyl BERKELIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok