Kaliforniýa uniwersitetinde döredilen ýüzýän robot plastinka deňizdäki nebit dökülmesini wakuumlamak ýa-da içilýän suwdan hapalaýjy maddalary aýyrmak üçin hereket eder.
Dürli usullar bilen zarýad bermek kyn bolan uzak ýerleri arassalamak üçin ýeňil we suw bilen işleýän plastinka belli bir möhletde dürli pudaklara ýerleşdirilip bilner. Bu barada gözlegleri geçirýän himikler şeýle diýýär: “Biziň maksadymyz durnukly we daşky gurşawyň üýtgemegine uýgunlaşyp bilýän ýumşak robotlary döretmek. Gün şöhlesi güýç üçin ulanylsa, bu enjam durnukly we goşmaça energiýa çeşmelerini talap etmeýär.”
Gözlegçiler, täze döredilen robota suwy arassalaýan kiçi jandaryň adyny berdiler. Bu jandarlar kölleriň üstünde duş gelip örän haýal hereket edýärler. Bu kiçi görnüşli suw jandaryna meňzedilip ýasalan ýumşak robotlar geljekde nebit dökülmesini wakuumlamak ýa-da içilýän suwdan hapalaýjy maddalary aýyrmak üçin hereket eder.
Bu açyş baradaky tehniki jikme-jiklikler dört gün ozal “Science Robotics” žurnalynda çap edildi.
Selbi HANMÄMMEDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy.
Teswirler