Türkmenistanda obasenagat toplumyna suw tygşytlaýjy tilsimatlary giňden ornaşdyrmagyň suwarymly, ekerançylykda ýer baýlyklaryny netijeli peýdalanmakda, ýeriň şorlaşmagynyň öňüni almakda, şorluk derejesini peseltmekde siňdirijiligini kesgitlemekde, meýdanlarda zeýkeş akabalarynyň gürlügini we beýlekileri nazarda tutmak bilen, ýuwuş suwy geçirilende suwy tygşytlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan kadasyny işlenip düzülmeginiň ähmiýeti uludyr.
Şorlaşan ýerleri ýaramly ýagdaýa getirmegiň usullaryny kämilleşdirmek işleri suwarymly ýerleriň möçberini artdyrmagyň hasabyna täze girdeji çeşmesini döretmäge we sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Suwaryş suwuny magnitogidrodinamiki işjeňleşdirmek ýa-da suwy magnitlendirmek şorlaşan topraklaryň şoruny ýuwmagy çaltlandyrmak üçin amatly usuldyr. Şorlaşan ýerler magnitlendirilen suw bilen ýuwulýan wagtynda suwuň sarp edilişiniň adaty ýuwuş suw bilen deňeşdireniňde azalýandygyny we ýuwmagyň dowamlylygynyň ep-esli gysgalýandygyny geçilen ylmy – barlag netijesi görkezýär.
Magnit enjamyndan geçirilen suw ýa-da magnitogidrodinamik işjeňleşdirilen suw bilen ýuwuş suwy berlende, şol toprakdaky ergine täsir edip, ýagny molekulýar güýçler arkaly topragyň bölejikleri bilen pugta baglanyşykly duz ergininiň eredijiligini güýçlendirýär, bu bolsa toprakdaky duz ergininiň çalt ýuwlup aýrylmagyna getirýär.
Magnitlendirlen suw bilen ýuwmagyň usulynda topragyň şorunyň ýuwulmagynyň düýpli tapawudy topragyň suw syzdyryjylyk koeffisiýentiniň we suwuň ereýjilik ukybynyň artmagy bilen döreýär. Topragyň suw syzdyryjylyk koeffisiýentiniň artmagy ýuwuş suwunyň bugarmak arkaly ýitgisiniň azalmagyna getirýär, netijede bolsa ýuwuş suwuny has netijeli peýdalanmak we tygşytlamak mümkinçiligi döreýär.
Suwaryş suwuny magnitlendirmek üçin “UMO-100-10” magnit enjamy peýdalanylýar. Onuň suw geçiriji turbasynyň diametri 80 mm, tizligi 1-2 m/sek, öndürijiligi 36 m3/sag deň. Bu enjamyň peýdalanmagy onda suwuň akymynyň belli bir tizligini, ýagny onuň her sekuntda 1-2 litre barabar bolmagyny talap edýär. Şoňa görä-de şeýle tizligi üpjün etmek üçin magnit enjamynda suw bermek göçme nasos bekediniň kömegi bilen amala aşyryldy.
Haýdarow HYDYR
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler