Sebitde energoulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Balkan we Daşoguz welaýatynyň energoulgamyny birleşdirip, Balkandan Daşoguza çenli halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişdiler. Gurluşyga «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň potratçy guramalary gatnaşýarlar. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berýär.
Saýtda habar berilmegine görä, «Balkan» kiçi bekedinden Daşoguza çenli EGL-500-iň uzunlygy 560 kilometdran gowrak bolan bu aralyga EGL-iň sütünleriniň 1446-sy oturdulmagy meýilleşdirilýär.
Aziýanyň ösüş bankynyň öz wagtynda ýeňillikli karz beren bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde eýýäm ikinji tapgyryna gelindi. Gurluşygyň baş potratçysy elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygyna telekeçi düzümleriň birnäçesini çekdi. Elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygy bilen birlikde taslamada transformatorlary, tok öçürijileri, aýryjylary, rele goragyny we awtomatikasyny, telemehanika ulgamyny, kommunikasiýalary we SCADA oturtmak göz öňünde tutulan.
Yhlas ORAZOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby
Teswirler