Ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly geçen ýyl bu ýoluň Aşgabat ― Tejen bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bolsa Tejen ― Mary we Mary ― Türkmenabat böleklerinde gurluşyk işleri ýokary depgin bilen dowam etdirilýär. Ýoluň bu böleginiň gurluşygyny «Ata Melhem» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar. Häzirki wagtda 125 kilometrlik ýoluň 112 kilometrinde ýer işleri doly tamamlandy. 21 kilometr 775 metrlik böleginde bolsa çagyl garyndysynyň birinji gatyny düşemek işleri tamamlandy.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda düşelýän gat “S-3” diýlip atlandyrylýar. Şundan soň “S-3”garyndysynyň ýene bir gaty, soňra “S-5” we “S-7” gatlary düşeler. Her gatyň galyňlygy hem 20 santimetrden geçýär. Çagyl garyndyly gatlary düşemek işi tamamlanandan soň, 5, 7 we 10 santimetrden üç gat asfalt düşeler.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň doly gurluşygy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanar.
Baky AKMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler