Arslan Joraýew dürli kärhanalaryň hasapçylary, işgärler bölüminiň ýolbaşçylary, telekeçiler we beýleki möhüm wezipeli diňleýjiler bilen okuw maslahaty geçirdi.
Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda «Harman Konsalting» merkeziniň ýolbaşçysy, tejribeli maslahatçy Arslan Joraýew bu gezekki trening duşuşygyny «Kärhananyň işgärlerini işe kabul etmek, başga ýere geçirmek ýa-da iş ýerini ütgetmek we işden boşatmak» temasynda boldy.
Arakesmeler bilen on sagat dowam eden treningde adam kadrlaryny dolandyrmagyň kanuny, hukuky, stratediki ýollary, resminamalary barada giňişleýin maglumat berildi.
Diňleýjiler toparlara bölünip, işgärleri dolandyrmak prosesindäki ýüze çykyp biljek mysal hökmündäki ýagdaýlar ýumuş hökmünde berildi. Degişli ýumuşyň resmi we hukuky taýdan çözmek boýunça pikir alyşyldy.
“Harman konsalting” maslahat merkezi – köp sanly hyzmatlary bermäge taýyn hünärmenler topary – guramaçylyk ösüşi, kärhanalarda adam resurslaryny dolandyrmagy we zähmet goragyny kadalaşdyrýan kanunlar boýunça bahasyna ýetip bolmajak tejribesini we degişli bilimlerini öz müşderilerine hödürleýär. Hukuk guramalaryna we şahsyýetlere, kiçi kompaniýalara we dürli iş ugurlary boýunça iri guramalara hyzmatlar berýär.
Teswirler