Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösüşi

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ýurdumyzyň bank ulgamyndaky mümkinçilikler sanly özgertmeleriň giň möçberde amala aşyrylmagyna itergi berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmek, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga, täze döwrebap durmuş-önümçilik maksatly desgalary gurmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli döwrebap önümçilikleri döretmäge, hususy eýeçiligi giňişleýin ýaýbaňlandyrmaga giň ýol açdy.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bank maýasyny artdyrmak, giňeltmek, kiçi we orta telekeçiligi karzlaşdyrmak boýunça birnäçe toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­timiziň san­ly­laş­dyryl­ma­gy beý­le­ki yk­dy­sa­dy dü­züm­ler bi­len bir ha­tar­da ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ry­nyň hem san­ly ul­ga­ma geç­me­gi­ni şert­len­dir­di.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine maksatnamalaýyn çemeleşmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli Maksatnamasy», sebitleri we pudaklary ösdürmek barada maksatnamalar häzirki wagtda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň aýdyň mysalyny banklar tarapyndan ýurdumyzyň ilatyna berilýän ýeňillikli karzlaryndan hem görmek bolýar.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň esasy ugry häzirki zaman ylmynyň we tejribesiniň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary, sanly ulgamy durmuşa geçirmegiň hasabyna ýokary netije gazanmaga şert döredýär.

Nuriýa TOLIBOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok