Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimi yzygider ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hut şonuň üçin-de bu ulgamda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan işlere nazar aýlanyňda, olaryň çuňňur many-mazmunyna göz ýetirýärsiň. Ylym-bilim adamzadyň ruhy-genji hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý edebi hem medeni mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýär.
Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýaş nesle durnukly bilim we mynasyp terbiýe bermek iňňän jogapkärli wezipe. Sebäbi ýaşlara berilýän şu günki terbiýe ertirimiziň bagtyýar, abadan bolmagy bilen berk baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan bilim ulgamynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepler gurulýar we olar häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, hünärli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edilýär.
Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde ýokary göterilmegini, ýurdumyzyň ösen, kuwwatly ýurtlaryň birine öwrülmegini üpjün edýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň) kabul edilmegi bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrýar.
Goý, ýaş nesil barada irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Hydyr HAÝDAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler