Sähel wagtda gyzgyndan-sowuga geçýän akylly material

Dýuk uniwersitetiniň inženerleri gün şöhlesinden ýylylygy ýygnamak bilen düwmäni basmak arkaly sähel wagtda gyzgyndan-sowuga geçip bilýän akylly penjire ýaly tehnologiýany döretdiler.  Täze çemeleşme ýyladyş, howa çalşygy ulgamlarynda tygşytlamak bilen bagly meselelerde energiýa sarp edilişini 20% azaldyp biler diýlip çaklanylýar.

Bu tehnologiýa barada (elektrik ulanylanda reňki ýa-da aç-açanlygy üýtgeýän material) Amerikanyň himiýa jemgyýetiniň “Energy Letters” žurnalynda jikme-jik beýan edildi.

Dýuk uniwersitetiniň mehaniki inženerçilik we material ylymlary boýunça dosenti Po-Çun Hsu: “Gün ýylylygy bilen radiatiw sowadyşyň arasynda geçýän ilkinji elektrokrom enjamyny görkezdik” – diýip belläp geçdi.

Elektrokrom aýnadan ýasalan akylly penjireler, elektrokromiki reaksiýanyň kömegi bilen aç-açan we adaty ýagdaýa geçýän täze tehnologiýa bolup durýar.  Bu hadysanyň döremegine köp çemeleşmeler bar bolsa-da hemmesi iki sany inçe gatlak elektrodyň arasynda elektrik reaktiw materialy goýmaga we olaryň üstünden elektrik toguny geçirmäge esaslanýar.  Görünýän ýagtylyga ýetmek üçin ýeterlik kyn bolan bu usul, orta infragyzyl ýagtylygy hem göz öňünde tutmaly bolanda has kynlaşýar. Bu täze gözleg himiýa pudagy üçin örän uly öňegidişlik bolup durýar.

Röwşen NURYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok