Ählimize tanyş bolan gulakhalka zenan zynatyna aýratyn gözellik eçilýän şaý-sepdir. Gulakhalka geçmiş taryhymyzda hem bezeg hökmünde örän ähmiýetli bolupdyr. Geçmişden şu güne çenli bu meşhur şaý-sepiň köp görnüşliligi, daşky göze gelüwlüligi has-da artýar we ilatyň oňa bolan islegi-de ýokarlanýar. Geliň, gulakhalkanyň gelip çykyşyna hem-de dürli döwürlerdäki ähmiýetine göz aýlalyň:
Maglumatlara görä, gulakhalkanyň döredilen takyk belli senesi ýok. Gadymy adamlarynyň belli taýpalarynda gulakhalka özboluşly däp-dessur, totemiki häsiýetli rol oýnapdyr. Ilkinji gulakhalkalar daşdan, süňkden, agaçdan, misden ýasalypdyr. Soňabaka dürli beýleki metallar bilen işlenip, çylşyrymly nagyşlar bilen bezelip başlapdyr. Esasy bellemeli zat, şol gadymy döwürlerde gulakhalka erkek şaý-sepi hökmünde ulanylypdyr. Ony gadymy Wawilonda, Parsda erkek wekiller tarapyndan peýdalanylypdyr. Müsürde bolsa ol diňe ýokary gatlagyň wekillerine degişli bolupdyr. Olarda gulakhalkalar esasan tebigata salgylanyp, ýagny dürli haýwan şekiljikleri bilen nagyşlanypdyr. Barly gatlagyň wekilleri altyndan ýasalan gulakhalkalary ürç edip dakynypdyrlar. Gresiýaly zenanlar bolsa gül bezegli uly disk şekilli gulakhalkalary ulanypdyrlar. Şonuň ýaly gulakhalkalary saýlamaklarynyň sebäbi hem hereket edilende şeýle gulakhalkalar sazyň sesini çykarýanlygy bolupdyr. Gadymy rimliler gymmat bahaly daşlar, merjenler bilen bezelen gulakhalkalara ýokary baha beripdirler, ýokary gatlagyň wekilleri birbada bir däl-de birnäçe, gullar bolsa bir sany gulakhalka dakynypdyrlar. Ý.Sezar hem öz goşunbaşylaryna we esgerlerine batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň nyşany hökmünde bu şaý-sepi dakmagy talap edipdir. Käbir gadymy taýpalarda bu şaý-sepi dakmaklygyň gadagan edilen halatlary-da bolupdyr.
Wagtyň geçmegi gulakhalka Hindistana, Ýewropa hem ýaýrady. Hindistanda bu şaý-sep ýylyň islendik döwründe ürç edilip dakylýan bezeg hökmünde belli. Olar diňe bir gulaga däl, burunlaryna hem şeýle halkalary dakynypdyrlar, bu häzirki wagtda hem şeýledir. Dürli kinofilmlere tomaşa edýän bolsak, garakçylaryň çarwa taýpalarynyň gulakhalkalary dakynýandyklaryny görendiris, olar üçin bu şaý-sep simwoliki häsiýetli bolupdyr. Ýewropalylar gymmat bahaly daşlardan, göwherden ýasalan gulakhalka uly isleg bildiripdirler. XVIII asyryň ahyrynda uly göwrümli gulakhalkanyň ýerine kiçi göwrümli görnüşleri has ýörgünli bolup başlaýar. Eýýäm XIX asyrda gulakhalka erkekler üçin seýrek ulanylýan bezege öwrülip başlapdyr.
Häzirki wagtda gulakhalka zenanlaryň we erkekleriň ulanyp biljek umumy şaý-sepidir. Bu ýagdaý dürli sebitiň edim-gylymyna, dessuryna görä üýtgeýär. Gulakhalka saýlananda onuň nämeden ýasalandygyna üns bermek peýdaly, çünki olaryň käbiri allergiki häsiýeti ýüze çykaryp bilýär. Saglygymyz üçin ýaramly, ýaşymyza görä talap edilýän, owadan gulakhalkalary dakmak bilen öz gözelligimize gözellik goşmaklyga her birimiziň mümkinçiligimiz bar!
Leýli DÄDEBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler