Gelşikli guş

 “Mandarin” guşy diýlende, adynyň biraz geň görülmegi-de mümkin, aslynda onuň bu adynyň özboluşly sebäbi bar. Bu guş ýer ýüzündäki iň owadan guşlaryň biridir. Onuň daşky görnüşi şeýle bir täsin hem-de ajaýyp welin, ady hem şondan gelip çykan. Gadymy Hytaýda bu söz adamlary sypatlandyrmak hökmünde hem ulanylyp, “mandarinlere” baý begler diýilýän eken, şol sebäpden özüniň dürli reňklere baý, köpöwüşgünliligi üçin hem bu ady alypdyr. Ördegiň diňe erkek görnüşi şeýle owadan ýelek örtükli bolup, aýratyn hem jübütleşýän döwründe olar dürli öwüşginli, owadan reňkli ýelekler bilen örtülýär. Gyzyl, mämişi, ýaşyl, gara we ak reňkler bilen bezelen ýelek örtügi biri-biri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ene ördek ondan tapawutlylykda adaty çal reňkde bolýar. Ördegiň agramy 400-700 gram bolup, esasan Gündogar Aziýada giňden ýaýrandyr. Şeýle-de olar Angliýanyň şertlerine hem uýgunlaşdyryldy. Guşlar Ýaponiýanyň we Hytaýyň günorta sebitlerinde gyşlaýarlar. Bu guşlar derýalaryň orta we aşak akymlarynda, ýaprakly agaçly tokaýlarda, dag eteklerinde ýaşaýarlar. Ýazyň gelmegi bilen, bu ördeklerde üýtgeşme alamatlary peýda bolup başlaýar: nesil hakda alada, ýelek örtüginiň täzelenmesi we ş.m. Mandarin ördek dürli oňurgasyz balyklar, miwedir ir-iýmişler, ösümlik tohumlary bilen iýmitlenýär. Ördegiň uçuşy çalt we hereketi-de ýeňil. Ömrüniň ortaça dowamlylygy 8-10 ýyl töweregidir. Olara esasan ýerli ýyrtyjylar we ýylanlar howp salýar. Olar höwürtgesini ýerden 10 metr belentlikde agaçlaryň, daşlaryň üstünde suwuň golaýynda gurýarlar. Inkubasiýa döwri 28-30 gün dowam edip, çykan jüýjeler özbaşdak hereket edip başlaýarlar, suwda çümýärler.

Häzirki wagtda balykçylaryň, jahankeşdeleriň sanynyň artmagy, daglyk we tokaýlyk ýerleriň medenileşdirilmegi, tokaýlaryň çapylmagy sebäpli bu ördekleriň sany ýylsaýyn azalmak bilen bolýar. Ördekler diňe bir ýabany şertlerde däl-de, ilatly ýerlerde hem höwürtgeleýärler. Ýaponiýanyň paýtagty Tokionyň seýilgählerinde hem guşlaryň guran höwürtgelerini görmek bolýar, şeýle-de mandarin ördegi bu ýurtda bezeg guşy hökmünde öý şertlerinde hem ösdürilýär.

Baýram GURBANDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok