Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, ylmyň-bilimiň pajarlap ösmegini gazanmak arkaly ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler üstünlikli çözülýär. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi bizi buýsandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde ýokary göterilmegini, Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň ösen, kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün edýär. Netijede, döwletimiz dünýä jemgyýetçiligine ynamly aralaşýar. Bularyň ählisini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyňlygy bilen doly subut edýär. Bulardan başga-da, hünärmenleriň taýýarlyk derejelerini kämilleşdirmeklige yzygiderli üns berilýär, dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermekligiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Bilimiň we ylmyň adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdygy ählimize mälim bolan düşünjedir. Halkymyzda: “Dünýäniň iň gymmatly baýlygy ylym hem-de hünär öwrenmekdir”, “Ylymly-ozar, ylymsyz-tozar”, “Ilden alynýan, ile hem berilýän baýlyk – ylym-bilimdir”, “Kitap okan gullar manydan dokdur”, “Miweli agajyň başy aşak”. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň, ylym-bilim ojaklarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň düzümi kämilleşdirildi. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy bilen, ähli ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portaly döredildi. Bu bolsa talyp ýaşlara zerur bolan okuw gollanmalarynyň elýeterliligini doly üpjün edýär. Şeýle mümkinçilikler ata Watanymyzyň geljekki eýeleri bolan ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine bildirilýän uly ynamdyr. Çünki ýurdumyzda adama, onuň döredijilik ukyp-başarnygyny, zehinini açmaga ägirt uly maýa goýulýar. Döwlet derejesinde şeýle uly ünsüň berilmegi raýatlarymyzda Gahryman Arkadagymyza, berkarar döwletimize, asuda ýurdumyza bolan buýsanç duýgusyny has-da goşalandyrýar.
Pursatdan peýdalanyp, mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli çäreleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Altyn ÝEDIGAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler