860 wolt elektrik öndürip bilýän täze ýylan balyk görnüşi tapyldy

Amazonyň suw howdanlarynyň birinden 860 woltlyk elektrik toguny öndürip bilýän täze ýylan balyk görnüşi tapyldy. Häzirki wagta çenli elektrik öndürýän ýylan balygynyň diňe “Electrophorus electricus” atlandyrylýan görnüşi mälimdi.

 Bu täze tapylan ýylan balyk görnüşi Waşingtondaky Smitson milli tebigy taryhy muzeýiniň zoology C. Deýwid de Santanyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan ýüze çykaryldy. Topar öz gözleglerini Günorta Amerikanyň uzak ýerlerinde geçirdiler. Alymlaryň aýtmagyna görä bu ýylan balygy iň köp elektrik öndürip bilýän janly hasaplanýar.

Gözlegleriň netijeleri “Nature Communications” ylmy žurnalynda çap edildi. Şeýle-de bu jandaryň iň ýokary elektrik öndüriji jandardygy kesgitlenildi.

Şu wagta çenli elektrik öndürýän balyklaryň öndürip bilýän maksimum elektrigi 650 wolt hökmünde kesgitlendi. Täze tapylan ýylan balyk görnüşi bolsa 860 woltlyk elektrik toguny öndürip bilýär.

Merdan MÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok