Durmuş dowam edýär, wagt geçýär. Gyzyldan gymmatly wagtymyzy tygşytly peýdalanmak, ony peýdaly zatlara harçlamak ynsanyň esasy üns merkezinde saklanmaly meseleleriň biridir. Bu ýagdaý esasan hem ýaş nesiller babatda has-da zerurdyr. Aslynda, wagty nämelere sarp etmeli?
Zähmet çekmäge wagt tapyň
Işlemegiň soňy üstünlikdir, zähmetiň soňy rehnetdir. Döredijilikli hem-de yhlasly işlemek ýokary basgançaklara çykmagyň serişdesidir.
Okamak üçin wagt tapyň
Ylym-bilimiň düýp özeni okamakdyr. Okamak arkaly ynsanyň ruhy dünýäsi baýlaşýar, dünýägaraýşy giňeýär, sözleýiş medeniýeti hem kämilleşýär.
Dostluk üçin wagt tapyň
Ol wepadarlygyň, gowy gatnaşyklaryň, kyn günüňde ýardam-goldawyň gözbaşydyr. Dostlukly gatnaşyklary saklamak birek-birege ynanyşmagyň, parahatçylygyň gözbaşydyr.
Söýgi hem-de mähir üçin wagt tapyň
Bu gözel duýgular durmuşyň ynsana eçilen soňsuz baýlygydyr, bahasyna ýetip bolmajak peşgeşidir.
Şatlanmak üçin wagt tapyň
Durmuşyň çarkandakly ýollaryndan üstünlikli geçmegiň, kynçylykly pursatlaryndan baş alyp çykmagyň, ruhubelent ýaşamagyň açarydyr. Şadyýan hem-de ruhubelent ýaşamak bolsa sagdyn ýaşaýşyň bölegidir.
Saglyk üçin wagt tapyň
Saglyk – bu ynsanyň depesindäki altyn täçdir. Ol ähli zadyň sakasydyr. Saglygyň gadryny hassa bolmazdan öň bilmek gerek, onuň üçinem sport bilen meşgullanmaklyga wagt tapmak gerek.
Maşgalaňyz üçin wagt tapyň
Maşgala – bu biziň ýeke-täk çyn dostumyzdyr, daşymyzdaky galamyzdyr. Maşgala bizi durmuşyň islendik agyr pursatynda, kynçylykly ýagdaýlarda hem ýalňyz goýmajak kiçijik özboluşly döwletdir.
Pikirlenmek üçin wagt tapyň
Oýlanmak – bu islendik işiň başlangyjydyr. Oýlanyşykly, pikirlenip ýerine ýetirilen her bir iş hökman degerli netije hem berýändir. Il arasynda “ýedi ölçäp bir kes” diýlip ýönelige aýdylmaýar.
Sapardurdy KAKABAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler