Suw almasynyň peýdalary

Miweleriň arasynda alma beýleki miweler bilen deňeşdirilende örän ýygy-ýygydan peýdalanylýan miwe hökmünde bellidir. Gündelik durmuşymyzda azyklyk we beýleki maksatlar üçin giňişleýin ulanylýan almanyň dünýä ýüzünde birnäçe görnüşleri, sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň biri-de suw almasydyr. Tropiki agaç bolan suw almasynyň ylmy ady – Syzygium aqueum. Onuň watany Hindistanyň günorta sebitleridir. Ýaşaýyş dowamlylygy ortaça 50 ýyl töweregi. Agajyň beýikligi 3-10 metre çenli bolup, ondan-da ýokary ösýän halatlary hem duşýar. Ýapraklary uzyn, iri, daşky şekili ellips we ýürek şekilli, ini 3-15 sm, uzynlygy 5-25 sm deň. Ýapraklaryň agaçda ýerleşişine görä, olaryň reňki-de üýtgeýär, ýagny agajyň ýokarky bölegindäki ýapraklar goýy ýaşyl, aşak bölegindäki ýapraklar bolsa açyk ýaşyl reňkdedir. Ýapraklary sürtülip owradylanda özboluşly ýakymly ys bölüp çykarýar. Açyk sarymtyl, gülgüne reňkli gülleriniň hem ýakymly ysy bar. Suw almasynyň miwesiniň daşky formasy edil armyda çalym edýär. Uzynlygy 5-6 sm, ini 3 sm ýetýän miwelerini sort aýratynlygyna baglylykda reňki açyk gülgüne we gyzyl reňkli bolup bilýär. Miwesiniň içki etlek bölegi ak reňkli hem-de şireli bolup, esasy bölegini (90%) suw tutýar. Şol sebäpli hem oňa suw almasy diýilýär. Içki böleginde 1-6 tohum bolup, käbir görnüşlerinde tohumlar asla bolmaýan suw almasy 5-6 ýyldan hasyl berip başlaýar.

Suw almasy Günorta Hindistandan başga-da Şri-Lankada, Flippinlerde, Malaýziýada, Indoneziýada ösýär. Kölegeli hem-de has çygly ýerlerde ösmegi halaýar. Adaty almadan tapawutlylykda miwesi tiz wagtdan ulanmaga ýaramsyz bolýar. Uzak aralyga eksport etmek üçin hem çydamsyzdyr. Şonuň üçin ol seýrek ösdürilýär. Indoneziýanyň ýerli halky ýapragyny datly işdäaçarlary taýýarlamakda giňden peýdalanýar. Miwesinde ýokumly witaminler, aýratyn hem A we C witaminleri, aminokislotalar, efir ýaglary, demir köp saklanýar. Agajyň ýapraklarynda gandaky şekeriň derejesini peseldýän bioaktiw madda bolan – flawonoidler saklanýar. Şol sebäpli-de suw almasy süýjüli diabet keseline garşy göreşmekde ulanylýar. Agajyň gabygyndan ezilip taýýarlanan suwuklyk içgeçmäniň bire-bir emi hasaplanýar. Umuman, suw almasynyň ähli bölegi-de ynsan saglygyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Ilmyrat BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok