Dünýädäki iň uly almaz bolan “Enigma” 5 million dollara satylar

Dünýädäki iň uly almaz “Enigma” diýlip atlandyrylýar. Bu almaz 2,6-38 milliard ýyl ozal asteroid Ýere degende emele geldi. Onda azot we wodorod, şeýle hem meteoritlerden tapylan mineral osbornit bar.

“Enigma” 1990-njy ýyllarda ýakyn Gündogarda palma şekilli güýç we gorag nyşany bolan Hamsa tarapyndan ylhamlanan häzirki görnüşine bölünipdi we häzirki eýesi tarapyndan taýýar däl görnüşinde satyn alyndy.

Şeýle-de bolsa, bu almaz Dubaý, Los Anjeles, Kaliforniýa we London ýaly meşhur şäherlerde geçiriljek sergilerde görkeziler. Soňra 3-nji fewraldan başlap ýedi günlük onlaýn auksiona çykar. “Enigma”-nyň 5 million dollara satylmagyna garaşylýar.

Belläp geçsek, almaz beýleki almazlardan özüniň reňki bilen tapawutlanýar. Ol tebigatda seýrek duş gelýär. Beýleki tarapdan, karbonados diýlip hem atlandyrylýan gara almazlar, tötänleýin kristalografiki ugurlarda mikrokristal gurluşlardan durýar. Şeýle almazlaryň ilkinjisi portugaliýaly magdançylar tarapyndan 1841-nji ýylda ilkinji gezek açyldy.

Maksat MEREDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok