Sanlylaşdyrmak – ösüşiñ kepili

Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyzyň islendik ulgamy ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazarda tutmak arkaly döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär. Ýurdumyzda kabul edilen 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ylym-bilim ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, kompýuter enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy ornaşdyrylýar. Şeýle-de okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär.  Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň hem tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaklyga şert döredýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda bu ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmak babatda möhüm başlangyçlar öňe sürülýär.

Milli Liderimiz degişli pudaklarda sanly ulgama geçmekligiň möhüm wezipedigini nygtamak bilen, elektron görnüşli hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklyga ünsi çekýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar. Bu möhüm Konsepsiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna, “Bilim hakynda”, “Elektron resminama hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki hukuk namalaryna esaslanyp taýýarlanyldy.

Mähriban Arkadagymyzyň ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp Garaşsyz Diýarymyzda kämil hem-de hil taýdan ösen ykdysady ösüş gazanylýar, netijeli sepgitlere eýe bolunýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär. Pursatdan peýdalanyp, mähriban halkymyzy bagtyýarlyga, berkarar döwrümizi rowaçly mezillere ýetiren Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Hojamberdi WELMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok