Deňizleriň we ummanlaryň düýbünden geçýän aragatnaşyk kabelleriniň umumy uzynlygynyň 1,3 million kilometre ýetendigi mälim edildi.
Dünýäniň suwasty aragatnaşyk kabellerini jikme-jik görkezýän interaktiw kartanyň maglumat bazasynda häzirki wagtda 487 birikme we 1,304 özboluşly stansiýa bar. Umuman alanyňda, “TeleGeography”-niň kartasynda görkezilen ýazga görä, aragatnaşyk kabelleriniň umumy uzynlygy 1,3 million kilometre ýetipdir. Geljek üç ýylda ýurtlar bu ugurda 8 milliard dollardan gowrak täze maýa goýum goýmagy göz öňünde tutýar.
Suwasty kabeller XIX asyrda ilkinji gezek telegrammalary okeanlara geçirmek üçin ulanyldy we şondan soň global telefon we internet ulgamlarynyň esasyny düzdi. Häzirki wagtda dünýäde bu kabelleriň ýüzlerçe müň kilometri bar.
Maglumatlary köp talap edýän programmalara bolan islegiň güýçlenmegi bilen bu tor soňky ýyllarda ep-esli giňeldildi we kämilleşdirildi. Sputnik tehnologiýasyndaky öňegidişlige garamazdan, 380 kabel ummanlaryň düýbünden geçip häzirki bar bolan maglumatlaryň 99,5% -den gowragyny öz içine alýar.
Ilkinji kabelleri telekommunikasiýa kompaniýalary gurdular we kuwwatyny üpjün edijilere satan hususy kärhanalar soň herekete geçdiler. Indi, hyzmatlarynyň maglumat traffiginiň garaşylýan ösüşine çydap biljekdigini üpjün etmek isleýän “Microsoft”, “Google”, “Facebook” we “Amazon” ýaly tehnologiýa kompaniýalary hem bu ugura ep-esli maýa goýumlaryny goýýarlar.
Sarp edijiler, kärhanalar we hökümetler bilen aragatnaşygyň barha artýan ähmiýeti, goranmak bölümleriniň bu kabelleri esasy strategiki baýlyklarynyň biri hökmünde ykrar etmelidigini we olary howplardan goramalydygyny aňladýar. 2024-nji ýylda Angliýa deňizasty maglumatlary goramak we gözegçilik etmek üçin täze äpet deňiz gämisini işe girizer.
Olga MYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň mugallymy.
Teswirler