Daşky gurşawy goramak ugrunda

Garaşsyz Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklige ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uly üns berilýär. Bu ugurda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmäge garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak boýunça möhüm başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan döwletimiz global ekologiýa meselelerini çözmegiň esasy ugurlary boýunça BMG-niň dürli halkara konwensiýalaryna goşulyp, olaryň işjeň agzasy bolup durýar. Dünýä ýüzünde ör boýuna galýan dürli ekologiki meseleleriň halkara hyzmatdaşlyk esasynda çözülmeginde dünýä döwletleriň jebisleşmegi hem-de bilelikde göreşmekleri esasy görkeziji hasaplanylýar. Ýurdumyzda Garagumuň çäginde Altyn Asyr Türkmen kölüniň döredilmegi hem diňe bir diýarymyzyň flora we fauna dünýäsine däl-de, eýsem tutuş Aziýa sebitiniň ekologiki ýagdaýyna täsir edýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygyň binýady yzygider berkidilýär we kämilleşdirilýär. Milli Liderimiz tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda netijeli işler ýola goýulýar. Bu bolsa diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň mynasyp derejede durmuşa ornaşdyrylýandygyndan habar berýär. Daş-töwerege bezeg berýän baglar, çeşme-çaýlar, dag-dereler, janly-jandarlar adamyň goragyna, idegine mätäçdir. Onuň üçin raýatlarda, aýratyn hem ýaş nesillerde ekologiki medeniýeti kemala getirmek, ekologiki terbiýäni ösdürmek baradaky düşünjeleri terbiýelemek, tebigatyň goraglylygyna berilýän ünsi güýçlendirmek möhüm wezipeleriň biridir.

Bagtyýar döwrümizde sahawatly türkmen topragymyzyň, baý hem-de gözel tebigatymyzyň gadyryny bilip, oňa aýawly çemeleşmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr!

Täçmyrat GUWANJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok