Halypa sungaty öwreniji Maýa Jumanyýazowanyň döredijilik ýoly

Türkmenistanda medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny ylmy taýdan öwrenmekde we ýaşlara bilim bermekde halypa ussatlaryň saldamly goşandy bardyr. Şolar ýaly halypalaryň biri-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Jumanyýazowadyr.

Maýa Jumanyýazowa 1947-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Aşgabat şäherinde eneden bolýar. Çagalykdan bäri ol türkmen sungatynda uly yz galdyran suratkeşleriň, bagşy-sazandalaryň, kompozitorlaryň, şahyrlaryň döredijilik dünýäsine aralaşypdyr. Amantuwak ejesi oňa we onuň aýal dogany Ogulabada el işleri okuw bilen baglanyşdyrmagy öwredýärdi. Bu döwür barada halypa şeýle ýatlaýar: «Mekdep ýyllaryň dowamynda men ejemiň erkek dogany, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Kuliýewiň öýünde myhmançylykda bolan mahaly boýaglaryň ysy, akwarel kagyzlar, suratlar meni has hem özüne çekýärdi. Bu hem meniň geljekki ykbalyma täsir edip, çeperçilik ugrundan bilim almaga itergi berdi».

M. Jumanyýazowa 1962–1968-nji ýyllaryň aralygynda haly suratkeşiniň ussady hünäri boýunça Ş. Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde) Rejep Baýramow, Walentin Çudinow, Muzafar Daneşwar, Aýhan Hajyýew, Pawel Popow ýaly mugallymlardan bilim alyp, tapawutlanan diplom bilen tamamlapdyr. Ol bilen bir döwürde görnükli türkmen suratkeşleri Babageldi Owganow, Çarymyrat Saryýew, Ata Akyýew hem okapdyr. Nakgaş, mugallym, sungaty öwreniji P. Popowyň sungatyň taryhy boýunça beren sapaklary M. Jumanyýazowanyň geljekki döredijiligine aýratyn täsir edipdir. Halypanyň aýtmagyna görä, onuň sapaklaryny diňlemäge uniwersitetiň talyplary hem gelýärdi, sebäbi okuw otagyndaky görkezme esbaplary bütin ýurdumyz boýunça nusgady. Ol örän talap ediji mugallymdy.

1968–1977-nji ýyllar aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç şäheriniň çeper-önümçilik ussahanasynyň suratkeşi hökmünde adamsy Azat Jumaniýazow bilen bilelikde ençeme wagyz-nesihat pannolarynyň döretmegine gatnaşypdyr. Özbegistanyň Çeperçilik fondy üçin haly eskizini çekipdir, Horezm külalçylygynyň ussatlary bilen işleşip, özbek keramikasynyň özboluşlylygyny öwrenipdir. Samarkand, Hywa, Buhara ýaly şäherlere syýahat edip, Orta Aziýanyň binagärlik ýadygärlikleri bilen içgin tanyşypdyr. 1974–1979-njy ýyllarda Horezm Döwlet mugallymçylyk institutynda rus dili we edebiýaty hünäri boýunça bilim alypdyr.  

Ol 1977–1981-nji ýyllarda Türkmenistanyň Taryh muzeýiniň Etnografiýa bölüminiň müdiri, 1981–1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň Amaly-haşam  sungaty bölüminiň müdiri wezipesinde işläp, türkmen halkynyň milli sungatynyň çeper aýratynlygyny içgin öwrenmekde, ony wagyz etmekde irginsiz zähmet çekipdir. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde onuň üçin nakgaş we türkmen halyçylyk sungaty boýunça kitap taýýarlan halypa Nyýazmyrat Dowodowyň maslahatlary we göreldesi örän köp kömek edipdir. Ol onuň üçin her taraplaýyn bilimli adam bolupdyr. M. Jumanyýazowa 1990-njy ýylda «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Туркменское народное искусство» albomyny Elmira Mejitowa, Ýewgeniý Grişin bilen bilekde taýýarlapdyr. Ilkinji gezek türkmen halk sungatynyň dürli görnüşleriniň nusgalaryny özünde jemleýän albomda muzeý ýygyndylaryň eksponatlaryna degişli maglumatlary we reňkli foto suratlary ýerleşdirilýär. 1990–1998-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň  Sungaty öwreniş  bölüminiň ylmy işgäri bolup, türkmen halylardaky nyşanlary boýunça ylmy iş alyp barypdyr. Özüniň döredijilik ýolunda halypa ençeme gezek döwlet we halkara maslahatlara gatnaşyp, türkmen sungatyny dünýä ýaýýar. Halypa alymyň «Türkmen arhiwi», «Türkmenistanda ylym we tehnika» ýaly žurnallarynda, «Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» ylmy habarlarda çap edilen makalalarynda türkmen halyçylyk sungatynyň taryhyna, ondaky nyşanlara we şekillere sungaty öwrenijilik taýdan syn berilýär.  

2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy bolup, ençeme ýyllaryň dowamynda gazanylan baý tejribesini ýaşlara geçirýär. Ol Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy, Gadymy dünýä sungatynyň taryhy, Egin-eşigiň taryhy dersi boýunça okuw maksatnamalary taýýarlap, bu dersler boýunça çap edilen okuw kitaplaryň awtorydyr. Onuň Gülnar Çaryýewa, Gülälek Keroglyýewa, Göwher Allaberenowa, Batyr Çaryýew, Döwrangeldi Moýtyýew we beýleki şägirtleri çeperçilik akademiýamyzda we Türkmen döwlet medeniýet institutynda, ýurdumyzyň medeni edaralarynda, orta we çagalar çeperçilik mekdeplerinde zähmet çekýärler. Halypa sungaty öwreniji 2017-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly adyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda hem ol “Türkmen haly sungatynda keşpler we nyşanlar” atly ylmy işiniň mazmunyny täze kitapda beýan etmegini meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň görnükli sungaty öwrenijisi Maýa Jumanyýazowa  döredijilik ýolunyň dowamynda milli mirasymyzyň, amaly-haşam sungatymyzyň özboluşlylygyny beýan edip, häzirki günde hem özüniň zähmetsöýerligi, talap edijiligi, mugallymçylyk aýratynlyklary bilen ýaş suratkeşlere, binagärlere, dizaýnerlere we sungaty öwrenijilere türkmen sungatynyň taryhyna bolan söýgüsini artdyrýar.

.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok