Türkmenistan GDA-nyň Elektrik energiýasy Geňeşiniň 59-njy mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we GDA döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilen GDA-nyň Elektrik energiýasy Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň esasy mowzuklarynyň biri bolan Energetika pudagynyň karbonsyzlaşdyrylmagy meseleleriniň üstünde durulyp geçildi.

Geçirilen bu çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistan Respublikasynyň elektroenergetikany dolandyryş edaralarynyň we ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Taraplar geçirilen bu mejlisde bilelikdäki beýannama we resminamalaryň birnäçesini kabul etdiler. GDA-nyň Elektrik energiýasy Geňeşiniň nobatdaky, 60-njy mejlisini 2022-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda Gazagystanda geçirmek meýilleşdirilýär.

Orazjemal Çaryýewa

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok