Berkarar Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi gorap saklamak boýunça möhüm çäreler ýola goýulýar. Garaşsyz diýarymyz global häsiýete eýe bolan ekologiýa meselelerini çözmegiň esasy ugurlary boýunça BMG-niň dürli halkara konwensiýalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edip gelýär. Çünki bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaklyk dünýä jemgyýetçiliginiň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilendir.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygyň binýady yzygider berkidilmek bilen, halkara kadalaryna laýyk gelýän “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Tebigaty goramak hakynda”, Kanunlar, “Tokaý”, we “Suw” Kodeksleri hereket edýär. Türkmenistan döwletimiz 1995-nji ýyldan bäri BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň (ÝUNEP) agzasy bolmak bilen, bu ugurda alnyp barylýan halkara ekologiýa gatnaşyklarynda öz işjeňligini saklap gelýär. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygynyň, Aral deňziniň halas edilmegi boýunça meselelerde işjeň ekologiýa diplomatiýasy alnyp barylýar. Ýurdumyzda Garagumuň çäginde Altyn Asyr Türkmen kölüniň döredilmegi hem diňe bir diýarymyzyň flora we fauna dünýäsine däl-de, eýsem tutuş Aziýa sebitiniň ekologiki ýagdaýyna täsir edýär.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklik üçin raýatlarda, aýratyn hem ýaş nesillerde ekologiki medeniýeti kemala getirmek, ekologiki terbiýäni ösdürmek baradaky düşünjeleri terbiýelemek zerurdyr. Bu bolsa tebigatyň goraglylygyna berilýän ünsi güýçlendirmäge ýardam edýär. Bular bilen birlikde her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni halkara derejesinde bellenilýär. Bu möhüm sene ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekligiň, daşky gurşawy goramaklygyň globallaýyn häsiýete eýedigi hakynda dünýä jemgyýetçiligini habardar edýär.
Bagtyýar döwrümizde “Halkyň Arkadagly zamanasynda” bereketli türkmen topragymyzyň, sahawatly gözel tebigatymyzyň gadyryny bilip, ony gözümiziň göreji deý gorap, aýawly çemeleşmek her birimiz üçin mukaddes borçdur! Goý, tutuş dünýä we sebit bähbitli möhüm ekologiýa syýasatyny alyp barýan Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan rowaçly tutumlary üstünliklere beslensin!
Babajan ABDULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler