Alymlar, 50 müň ýyl mundan ozal dörän dünýäniň iň köne sosial ulgamynyň üstüni açdylar. Gözlegçiler, “Facebook”, “Twitter” we “TikTok” ýaly platformalar oýlanyp tapylmazyndan has öň Afrikada bir sosial ulgamyň bardygyny aýdýarlar. Düýeguş ýumurtgasynyň gabyklaryndan ýasalan monjuklaryň arasynda munuň subutnamasy tapyldy.
Düýeguş ýumurtgasynyň gabyklaryndan ýasalan şol bir reňkli, tegelek şekilli monjuklar 50 müň ýyl mundan ozal ýasalan we gadymy nagyşlaryň hataryna girýär we gadymy döwürleriň täsin yzlaryna degişli köp maglumatlary berýär.
“Bu kiçijik monjuklar geçmişimiz hakda ajaýyp hekaýalary açmaga güýji bar” -diýip, Germaniýanyň Maks Plank institutyndan Jennifer Miller aýtdy. Alymyň aýtmagyna görä, öňki döwrüň hünärmenleri düýeguş ýumurtgalarynyň gabyklaryny köp böleklere bölüpdirler we olaryň hersinden öz isleýän şekillerini ýasapdyrlar. Soňra bolsa, bu şekilleriň ortasyndan ýüp geçirmek üçin burawlap öz medeniýetine degişlidigini görkezipdirler. Bu usuly etmek arkaly köne döwrüň adamlary öz medeniýetiniň geljekki nesillere ýetmegine itergi beripdirler. Bu bolsa gadymy adamlaryň arasynda 20 müň ýyllyk maglumat geçişiniň bolandygyny görkezýär. Bu usulyň adamlaryň arasynda haýsydyr bir aragatnaşyk üçin ulanylandygyny görkezýär. Gözlegçiler munuň dünýäniň iň köne sosial ulgamynyň bu monjuklar bilen gurlandygyny öňe sürýärler.
Nuraly TAGANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň talyby.
Teswirler