Derwezedäki ýanyp duran tebigy gaz söndüriler

7-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki ýanyp duran tebigy gazy söndürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmen Lideri indi uzak ýyllardan bäri Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa we golaýda ýaşaýan adamlaryň hem saglygyna käbir ýaramaz täsir edýändigini galyberse-de, eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig maly ýitirýändigimizi belläp geçdi.

Şoňa görä-de Türkmenistanyň Prezidenti, alymlary ýygnap, gerek bolsa daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmak barada degişli tabşyryklar berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok