- Ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir.
- Ýer ýüzünde arça agajy iň köp ýaýran agaçlaryň biri hasaplanýar. Şonuň üçin hem, tokaýlaryň köp bölegini arçalyklar tutýar.
- Arça saglygy goraýyş senagatynda hem giňden peýdalanylýar.
- Arçalaryň köpüsi 100-200 ýyl aralygynda ýaşaýar, ýöne olaryň müň ýyla çenli ýaşaýan görnüşleri hem bardyr.
- Arça agajynyň gozalarynda köp mukdarda tohum bolansoň olary gysga wagtda köpeldip bolýar. Ýagny, bu gozalardaky tohumlar guşlar we beýleki janly jandarlar üçin iýmit çeşmesi bolup, ekoulgamyň hem esasy halkalarynyň biri hasaplanýar.
- Käbir arça agajyndan şepbik alynýar.
- Hemişe ýaşyl öwsüp oturan arçanyň pürleri diňe kislorod öndürmän, eýsem howadaky tozan zerrejiklerini hem özüne çekýär. Şeýlelikde, arça howany arassalap, adam saglygyna oňyn täsir edýär.
- Arçanyň pürleriniň ýakymly ysy bolýar, şol sebäpli hem ony kosmetika senagatynda atyr öndürmek üçin ulanylýar.
Meýlis PIRLIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler