Dowam edýän gözleglere görä, erbet ýa-da trawmatiki ýatlamalary ýatdan çykarmak mümkin.
Ýadyň ýitmegi gorkunç bir zat bolup biler, ýöne köpümiziň ýatdan çykarmak isleýän käbir ýatlamalarymyz bar. Ýakynda neýro-ylmy bilen meşgullanýan alymlar biziň beýnimizden has kiçi beýnisi bolan haýwanlarda, trawmatiki ýatlamalary ýok etmekde öňegidişlik gazandylar. Täze gözlegler, aýyryp boljak ýatlamalary we çykgynsyz ýagdaýdaky ýatlamalary kesgitlemek arkaly geçirildi. Şuňa meňzeş gözlegler 2004-nji ýylda geçirilipdir, emma garaşylan netijäni bermändi.
Lissabondaky Neýropsihofarmakologiýa kollejiniň ýyllyk ýygnagynda Kembrij uniwersitetiniň doktory Dr. Emi Miltonyň ýolbaşçylygyndaky topar bu täze gözlegiň netijeleri barada çykyş etdi. Miltonyň aýtmagyna görä beýniden käbir erbet ýatlamalary çykarmak üçin, şol hadysalary özünde jemleýän belogy tapyp ýok etmeli. Bu bolsa beýnidäki erbet ýatlamalaryň tiz çykmagyna şeýle-de özüňi oňat duýmaga ýardam eder.
Milton, kök belogynyň ýadyň hereketsiz bolmagyna sebäp bolýandygy ýa-da fiksasiýa prosesiniň önümi bolup durýandygy entek belli däldigini sözüniň üstüne goşdy. Iki ýagdaýda-da bolsa, belogyň üstünlikli ýok edilmeginiň oňaýly netijeleri bermegi ähtimal.
Kembrij uniwersitetiniň doktory Dr. Emi Miltonyň ýolbaşçylygyndaky topar gözlegleri mundan öň çybynlarda, syçanlarda we balykgulaklarda geçiripdirler.
Sapar AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler