Dünýäniň ilkinji wodorod bilen hereket edýän uçary: “FlyZero”

Adaty ýangyjyň ýerine wodorod ulanýan “FlyZero” uçar taslamasy, howa gatnawy netijesinde döreýän uglerod zyňyndysynyň çözgüdi bolup biler diýlip maksat edilýär.

Wodorod bilen işleýän täze uçar düşünjesi, syýahat wagtyny gysgaltmagy we ýolagçylara nol uglerod zyňyndylary bilen dünýäniň islendik ýerine syýahat etmäge mümkinçilik bermek bilen halkara syýahatynyň planetadaky täsirini azaltmagy wada berýär. Adaty uçar bilen deň tizlikde uçýan, ýöne tebigata hiç hili zyýan ýetirmeýän “FlyZero” taslamasy, ilkinji uçuşlaryny ABŞ, Awstraliýa, London ýaly şäherleriň arasynda ýerine ýetirer.

Bu düşünjäniň arkasynda durýan “Jet Zero” guramasynyň baş direktory Emma Gilthorpe öz beren beýanynda: “Awiasiýa tehnologiýa institutynyň ilkinji gözlegleri, nol uglerodly global baglanyşygy amala aşyrmakda wodorodyň potensialyny görkezýär. Bu düýbüni tutujy ýaşyl tehnologiýa möhüm rol oýnaýana meňzeýär. Angliýanyň awiasiýa senagaty geljek nesiller üçin uçmagyň artykmaçlyklaryny gorap saklamak bilen uglerodyň bahasyny arzanlatmagyň ähli usullaryny öwrenýär.” – diýip, belläp geçýär.

Uçarlarda we awtoulaglarda – ençeme ýyl bäri gözlenýän we awiasiýa kerosininden ep-esli köp energiýa öndürýän, ýöne ulanylanda CO2 çykarmaýan suwuk wodorod ulanylar. Suwuk wodorod, howanyň peýdasyndan başga-da, şol bir uçuş syýahaty üçin zerur bolan kerosiniň agramynyň üçden birine deňdir we uçuşa päsgel berýän ýangyç arakesmelerini aradan aýyrmak üçin uçaryň aralygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hudaýberdi YMAMBERDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok