Nanýang Tehnologiýa Uniwersitetiniň şeýle-de Garward uniwersitetiniň Çan jemgyýetçilik saglyk mekdebiniň gözlegçileri täze akylly iýmit gaplaýyş materialyny döretdiler. Biodegrirlenip bilinýän bu material diňe bir durnukly bolman, eýsem adamlara zyýanly bakteriýalary hem öldürýär. Şeýle hem material täze miweleriň saklanyş möhletini iki-üç güne çenli uzaldyp bilýär.
“Zein” atly bu tebigy biopolimer krahmal we mekgejöwen belogyndan ýasalýar. Bulara iýmit taýýarlanylanda ulanylýan kekik, sitrus miwelerindäki limon kislotasy degişlidir. Laboratoriýa synaglarynda, bu täze iýmit paketleriniň çyglylygyň ýokarlanmagy sebäpli ýüze çykýan zyýanly bakteriýalara we mikroblara garşy tebigy birleşmeleri çykarýandygy we kömelekleri, şeýle hem zyýanly bakteriýalary öldürýändigi göründi.
Paket mikroblara garşy maddalary az we zerur mukdarda diňe goşmaça çyglylyk ýa-da bakteriýalar bolanda goýbermek üçin niýetlenendir. Bu paketiň birnäçe täsirlere çydap biljekdigini we birnäçe aýlap ulanyp boljakdygyny geçirilen synaglar tassyklady.
Meýlis SABUROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
talyby.
Teswirler