Adam beýnisine degişli ýene bir syryň üsti açyldy

Alymlar ahyrsoňy täze bir dili öwrenmekde näme üçin kynçylyk çekýändigimizi, çagalaryň täze dili ululardan has aňsat öwrenip bilýändigine akyl ýetirdiler.

Beýni yzygiderli signallaryň akymy bilen ýaşaýar. Millionlarça gelýän signallary deňleşdirip, akyl öndürijiligimizi gowulandyrmak üçin özüni yzygiderli sazlaýar. Alymlar bu uýgunlaşma aýratynlygynyň aňymyzy oýarýandygyny, şol bir wagtyň özünde ulularyň täze dilleri öwrenmegini kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Beýni öýjükleriniň işjeňligi iki kategoriýa bölünýär: Çeýeligi we durnuklylygy. Çeýeligi beýniniň üýtgeme başarnygyny aňladýar. Täze maglumatlar gazanylandan soň neýronlaryň arasynda täze baglanyşyklar bolýar. Durnuklylyk tersine. Bu baglanyşyklary güýçlendirip, beýnimize öň öwrenen zatlarymyzy saklamaga mümkinçilik berýär.

Ýaş çagalarda ýokary derejede “nerw çeýeligi” bar. Täze nerw baglanyşyklaryny döretmek çagalar üçin peýdalydyr, sebäbi olar köp sanly täze maglumatlary öwrenmeli we nämäniň möhümdigini kesgitlemeli. Ýöne ýaşymyzyň ulaldygyça beýnimiziň täze baglanyşyklary döretmek ukyby tebigy ýagdaýda azalýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň Newrologiki hirurgiýa kafedrasynyň dosenti Matt Leonard: “Beýni garramak bilen durnuklylygy ileri tutup başlaýar. Soňky on ýylda ýa-da ondanam köp wagtyň dowamynda öwrenen zatlarymyzy saklaýarys” diýip, belleýär.

Täze gözlegiň netijelerine görä, täze bir dil öwrenmek üçin beýniniň çeýelik aýratynlygyny ulanmaly. Şonuň üçin çagalar täze dilleri ululara garanyňda has aňsat we çalt öwrenip bilerler.

Olga MYRADOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok