Elektrik we sanly infrastruktura enjamlary bilşimiz ýaly güýçli ýyldyrym çakanda we güýçli elektrik togy gelende öz işlemesini togtadýar ýa-da ýanýar. Tehnologiýa hünärmenleri, bu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin ýöriteleşen “Legrand” atly täze tehnologiýany işläp düzdüler. Bu ýöriteleşen tehnologiýa güýçli woltly toklardan we ýyldyrym çakmagyndan örän netijeli ýagdaýda goraýar.
Ýyldyrym sebäpli dörän artykmaç wolt enjamlaryňyza zeper ýetirýär. Halkara ülňülerine laýyklykda döredilen “Legrand” tehnologiýasy edil waka bolup geçýän badyna işe girişýär we ähli enjamlaryňyzy ýokary töwekgelçiliklerden goraýar. Şeýlede enjam ähli töwekgelçilik derejeleri üçin döredilen önümleriň doly we giň görnüşi bilen ygtybarly işleýşi üpjün edýär.
Enjam topragyň içki gatlagyna ýerleşdirilip elektrik toguny adatdan daşary ýagdaýlarda hem daşyna çykarmaýar. Şeýlede ulanyjylarynyň elektron enjamlaryny çalt we ygtybarly tok bilen elýeterli etmek üçin ýörite arrester bilen üpjün edilendir.
Beýleki tarapdan, özboluşly dizaýny bilen ünsi özüne çekýän “Legrand”, köp sanly ulgamy sarp edijilere elektrik gurnamasynda ýüze çykyp biläýjek artykmaç woltlardan goramak üçin hem niýetlenendir. Enjamy islendik ýagdaýda hem howpsuz ulanmak mümkin.
Saparmyrat GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler