Täsin tebigatyň täsin kömelekleri

Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň, Gündogar Aziýanyň gür tokaýlyklarynda gök reňkli kömelek ösýär. Telpeginiň diametri 7-15 sm aralygynda bolan gök kömelek iýilýär, şol sebäpli ony Meksikanyň, Gwatemala we Hytaýyň bazarlarynda aňsatlyk bilen tapmaklyk bolýar. Bu kömelegi kesen ýagdaýymyzda ondan gök reňkli suwuklyk bölünip çykýar.

Panellus – uly agaçlaryň sütünlerinde, baldaklarynda ösýär. Ony esasan hem Aziýanyň, Ýewropanyň, Awstraliýanyň, Demirgazyk Amerikanyň tokaýlyklarynda görmek bolýar. Ol özünden ýagtylyk goýbermek bilen ýaşyl reňke geçýär. Onuň bu häsiýeti ýagtylyk ýaýradýan beýleki organizmler ýaly biolýuminessensiýa hadysasy arkaly geçýän himiki reaksiýa esaslanýar, ýagny onda ýagtylygy ýaýradýan biologiki pigmentler bar. Netijede kömelek garaňkylykda ýaşyl yşyk bilen ýagtylanýar. Ony 40 metr uzaklykdan hem görüp bolýar. Häzirki wagtda şeýle ýagtylanýan kömelekleriň 70 töweregi görnüşleri bardyr.

Sezar kömelegi – mämişi reňkli gelşikli kömelek bolup, ady hem irki wagtdlarda rimlileriň ony dürli maksatlar üçin has köp ulanandygynda gelip çykandyr. Bu kömelek Günorta Ýewropada, Demirgazyk Amerikada ösýär. Häzirki wagtda ol iýilýän gymmatly kömelek hasaplanýar.

Klawariýa kömelegi – örän owadan hem-de täsin daşky şekile eýe bolan benewşe reňkli kömelekdir. Oňa diňe ýagyş ýaganda duşmak bolýar. Bu kömelek iýilýär, emma ol tagamsyzdyr. Ol ýeriň üstünde ösmek bilen, boýy 10 sm, ini 7 sm deňdir.

Rodotus – tebigatda seýräk duşýan kömelek görnüşi bolandygy sebäpli Halkara Gyzyl kitabyna girizilen. Ylmy ady Rodotus maire. Tebigy ýagdaýda köplenç çüýrän agaç töňňelerinde Demirgazyk Amerikanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň sebitlerinde ösýär. Rodotus kömelegi bişip ýetişende açyk gülgüne reňkde bolýar. Ululygy 15 sm deň, gaty elastik häsiýetli, öwrümli konuslary tor şekilli. Ol iýilmeýän kömelekdir. Onuň dermanlyk aýratynlyklary 2000-nji ýylda mikrobiologlar tarapyndan Ispaniýanyň çäginde geçirilen gözleglerde anyklanyldy.

Döwran ÝAGŞYGELDIÝEW,

TOHI-niň Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok