Kerki şäherindäki Halkara howa menzili ýolagçylara hyzmat edip başlady.

Şu ýylyň 3-nji ýanwarynda ýurdumyzyň paýtagtyndan uçan ýolagçylary gatnadýan Boeing uçary Kerki şäherindäki halkara howa menziline gondy.

Aşgabat — Kerki — Aşgabat boýunça 313-314 belgili uçuşlar Boeing-737-700 uçarlarynda hepdäniň duşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylýar. Uçuş Aşgabat Halkara howa menzilinden ýerli wagt bilen sagat 10.00-a, Kerki şäherinden Aşgabat şäherine bolsa 12.00-a meýilleşdirilýär. Uçuş wagty bir sagat dowam edýär. Hepdäniň üçünji günlerinde şol bir kysymly uçar Daşoguzdan Kerki Halkara howa menziline ýolagçylary gatnadýar. Uçar Daşoguzdan 13.00-da, Kerki howa menzilinden 15.00-da uçýar. Kerki şäherinde 2021-nji ýylyň iýun aýynda işe girizilen Halkara howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok