Dokma önümçiligi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Mälim bolşy ýaly dokma önümçiligi tehnologiýadan öň ýüze çykan, emma tehnologiýa bilen dokma önümlerini birleşdirmek aňsat iş däl.
Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň we Şwesiýanyň gözleg toparyny duruzmaýar. Institutyň gözlegçileri geýeniň hereketini duýup we jogap berip biljek akylly süýümi döretdiler. “OmniFiber” diýlip atlandyrylýan bu ýumşak robot matanyň içinden suwuk serişdäniň geçmegine mümkinçilik berýän içi boş kanal bar. Sykylan howanyň kömegi bilen süýümler egilip, uzalyp, egrelip we islege görä üflenip bilner. Bu ukyplary, emeli myşsa ýaly edip, hakyky wagtda taktiki jogap bermäge mümkinçilik berýän aýratynlyk hökmünde suratlandyryp bolar.
Elbetde, emeli myşsa süýümleri täze pikir däl, emma Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň gözleg toparlary tehnologiýa özbaşdak çemeleşdiler. Şeýle-de bolsa, “OmniFiber”-i haýran galdyrýan zat, görnüşini üýtgetmek üçin ýylylyga mätäç däldigi bolup durýar. Deriniň aşa gyzmagy problema döretmeýänligi sebäpli has amatlydygyny aýdyp bileris. Mundan başga-da, bu matanyň başga artykmaçlyklary bar. Matany has arzan materiallar bilen öndürip bolýar we inçe dokamak işini talap etmeýär.
Garaýaman ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler