Bilimli nesil – kuwwatly watan

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup ulanylmaga berilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek işleri özüniň oňyn netijelerini berip başlady. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara derejesinde geçirilýän ders we beýleki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Orta mekdeplerde daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda işler alnyp barylýar. Okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaryň binýady pugtalandyrylýar. Bilim edaralary döwrebap enjamlar, kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilip gelinýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilimiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpyň okuwçylaryna döwrebap öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda döwrebap orta mekdepleriň sany ýylsaýyn artýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde we etraplarynda çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň ençemesi dabaraly açylyp, ulanylmaga berildi.

Okuw enjamlarynyň we serişdeleriniň mugt peýdalanmaklary ösüp gelýän ýaş nesil baradaky döwletimiziň bimöçber aladasydyr, durmuş syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Döwletimiziň mekdep okuwçylary baradaky aladasy öz miwesini berýändigi guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Mahym GELDINAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok