Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde iri, orta we kiçi kärhanalar bilen bilen bir hatarda maşgala we ýekebara zähmete esaslanyp telekeçilik işleri alnyp barylýar. Döredilýän kärhanalaryň ululygy pudaklaryň aýratynlyklaryna, tehnologiýalaryň ösüş badyna bagly bolup durýar. Ady agzalan kärhanalar, telekeçiler we oba hojalyk kärhanalar, daýhan hojalyklar, ýekebara telekeçilikde umuman ähli taraplaýyn peýdalanyp bolýan köp ugurly hyzmatlaryň biri bolan “Bank autsorsing” amallary hödürlenilýär. Bank autsorsingi käbir hyzmatlary ýa-da iş amallaryny bank tarapyndan hyzmat etmek, öz işini üpjün ediji hökmünde çykyş edýän we bu hyzmatyň ýa-da iş prosesiniň ýerine ýetirilişini dolandyrýan üçünji tarap guramasyna doly ýa-da bölekleýin geçirmek prosesi.
Bank pudagynda autsorsingi ulanmagyň esasy sebäpleriniň arasynda hyzmatlaryň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak, ösen tehnologiýalary ulanmak ukyby we beýleki kärhanalaryň tejribesini ýokarlandyrmak, durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak we paýlaşmak üçin çykdajylary tygşytlamak mümkin we täze bazar segmentlerine girmek üçin zerur wagty tygşytlamakdyr.
Hyzmatlaryň arasynda buhgalterçilik hasabatlylygyny halkara standarty esasynda taýýarlamak, transport we abatlaýyş hyzmatlary; gozgalmaýan emläk dolandyryşy; marketing; maglumat tehnologiýasyny ulanmak bilen baglanyşykly prosesler; jaň merkeziniň işi; logistika; arassalamak, howpsuzlyk we gözegçilik işleri; müşderileri özüne çekmek we arzalary gaýtadan işlemek; mesele bergileriniň üstünde işlemek bilen baglanyşykly işler; bank kartlaryny gaýtadan işlemek ýaly birnäçe görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýän amallary bar.
Şeýlelikde bazar bank ulgamynda hereketini dowam edýän banklarymyzda ýokardaky agzalan hyzmatlaryň görnüşlerini ýokary derejeli hünärmeniň ýerine ýetirilmegi esasynda amala aşyrylsa ykdysady tarapdan netijeli we tygşytlylyk ýüze çykjak.
Banklar üçin autsorsing häzirki döwürde işewürligi ösdürmegiň esasy usullaryndan biridir. Bu çykdajylary azaltmagyň, täze hyzmatlary çalt işe girizmegiň we zerur bolanda ulalmak üçin ýollary açmagyň usulydyr. Banklarda autsorsing girizmegiň barşynda artykmaçlyklary hem görkezilip bilner. Şeýle mehanizmi ulanmagyň artykmaçlyklary: pul tygşytlamak, tehniki hyzmatyň çykdajylaryny azaltmak, iş tygşytlamak, salgyt töleglerini amatlyklaryny kesgitlemek mümkinçiligi bilen karz edarasynyň we beýleki maliýe görkezijileriniň girdejiligini ýokarlandyrmaklyga uly ösüşler, ýokary netijelilik gazanylyp boljakdygyny hasaplamalar esasynda ýüze çykdy.
Gunça AKMÄMMEDOWA,
TOHI-niň Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy
we audit hünäriniň talyby.
Teswirler