Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna sallamly goşandyny goşan kärhanalaryň biri “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Eziz Dowranow, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanypdy.
“Ýigit” H.J häzirki wagtda oba hojalyk işewürliginiň gök ekerançylyk, bagçylyk we gülçülik ýaly ugurlarynda tapawutlanan kärhana hökmünde garalyp, onuň 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda öwrebap ýyladyşhanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Umumy meýdany 34 gektara barabar bolan bu ýyladyşhanada esasan pomidoryň ýokary hasylly «Huanita», «Merlis» we «Tommimaro muço» sortlaryny ösdürip ýetişdirmek maksatly açylandyr.
Öndürilen pomidorlar “Mahmal” haryt nyşany bilen esasan daşary ýurtlar döwletlere eksport edilýär.
Teswirler