Türkmen gazy

Türkmenistanyň ýangyç energetika toplumynyň düzüminde gaz senagaty aýratyn orun tutýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyz tebigy gazdan ýerlikli we tygşytly peýdalanýarlar. Häzirki wagtda oba-şäherlerimiziň ähli künjegi gaz bilen üpjünleşdirildi.

 Soňky ýyllaryň içinde Türkmenistanda gaz senagatyny 1966-njy ýylda Ojak gaz käniniň açylmagy bilen döredi.1974-1984-nji ýyllarda Şatlyk, Döwletabat, Üçajy, Seýrap, Şorköl, 1986-njy Malaý we Samandepe ýataklarynyň işe girizilmegi gazyň 90 milliard kubmetra ýetirmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Günorta we Gündogar Türkmenistan tebigy gazyň gorunyň iň köp toplanan sebitdir. Bu sebitde açylan gaz we gaz kondensatly ýataklarynyň sany 60-dan geçýär. 

Tebigy gazyň esasy bölegi uly gorlary bolan Kükürtli, Kerpiçli, Samandepe, Naýyp, Ojak, Malaý Üçajy, Balguýy, Galkynyş, Şatlyk, Böwürdeşik, Döwletabat, Bagaja känlerinden çykarylýar. Merkezi Garagumda hem gaz känleriniň 16-syndan gaz çykarylýar. Şeýle hem Günorta Ýolöten-Osman Minara we Ýaşlar ýataklaryny birleşdirýän ,,Galkynyş’’ gaz käni Türkmenistanda iň iri ýataklaryň biridir. Galkynyş käninde we onuň golaýynda ýerleşýän geljegi uly Günorta Garaköl, Garaköl, Jürji, Gündogar Ýolöten, Gündogar Ýandakly meýdanlarynda geologiýa gözleg işleri uly depginde gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Gaz senagatynyň möhüm düzüm bölegi gaz geçirjiler ulgamydyr. Känlerden çykarylýan gaz sarp edijilere gaz geçirjiler arkaly ugradylýar. Ýurdumyzyň içindäki Goturdepe-Belek-Türkmenbaşy,Balkanabat-Belek, Mollaker-Mary, Sakar-Türkmenabat-Galkynyş, Maýsk-Aşgabat-Abadan, Merkezi Garagum-Ýylanly, Döwletabat-Derýalyk we  beýleki gaz geçirjiler hereket edýär. Häzirki wagtda ,,Türkmen gaz” döwlet konserni 28 sany gazly we  gaz kondensatly ýataklary işläp taýýarlaýar.

Orazjemal Çaryýewa

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok