Alymlar azyk tehnologiýasynda uly öňegidişlik gazanyp, eremeýän we galyndysy bolmadyk buz kubiklerini oýlap tapdylar. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Deýwis uniwersitetiniň alymlary mikroblara garşy, plastmassa we bütinleý biodegrirlenip bilýän “buz kublaryny” öndürdiler.
Amerikan himiýa jemgyýetiniň ylmy žurnalynda çap edilen gözlegde öndürilen buz kubikleri 90 göterim suwdan durýar. Mundan başga-da, ýumşak we žele meňzeş buz kublarynyň reňki temperatura görä üýtgeýär. Taslamanyň üstünde işleýän gözlegçileriň aýtmagyna görä, bu buz 13 sagat eremän saklanyp, islendik zady adaty buz ýaly sowuk saklamaga ukyplydyr. Şeýle-de buzy wagty gutaransoň ony suwda ýuwup, doňduryjyda saklap soňra gaýtadan ulanyp bolýar. Alymlar häzirki wagtda munuň durnuklydygyna göz ýetirmäge synanyşýarlar.
Alymlar häzirki wagtda täze taslama boýunça patent arzasy bilen ýüz tutdylar. Bu adaty bolmadyk buz kubikleri, galyndylary saklamaýandygy sebäpli bakteriýalaryň döremeginiň öňüni alýar. Gaýtadan ulanylmagy we mikroblara garşy häsiýetleri eremedik buz kublaryny durnukly iýmit tehnologiýalarynda öňe gidişlige öwrüp biler.
Jennet ANNABAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler