Global ýylylyga iň köp sebäp bolýan ýurtlar kesgitlenildi

Global ýylylyk sebäpli Ýeriň ortaça temperaturasy yzygiderli ýokarlanýar, netijede buzluklar kem-kemden ýitýär we Ýer howp astynda galýar.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (WMO) 2020-nji ýylda dünýäniň 2016-njy we 2019-njy ýyldan soň üçünji yssy ýylyny başdan geçirendigini habar berdi.

Global uglerod taslamasy tarapyndan geçirilen we soňky 170 ýylyň maglumatlaryny öz içine alýan gözleglere görä, global ýylylyga iň köp sebäp bolýan ýurtlar kesgitlenildi.

Paýlaşylan hasabata görä, uglerod zyňyndylarynyň 24,6 göterimine jogapkär ABŞ soňky 170 ýylda global ýylylygyň iň jogapkäridir. ABŞ-dan soň ikinji ýurt 13,9% paý bilen Hytaý boldy. Global ýylylygyň döremegine sebäp bolan üçünji ýurt, 6,8 göterim paý bilen Russiýa boldy.

Global ýylylyga iň uly goşant goşýan beýleki ýurtlar 5,5 göterim paý bilen Germaniýa, 4,4 göterim paý bilen Angliýa, 3,9 göterim paý bilen Ýaponiýa we 2,3 göterim paý bilen Fransiýa bar. Şeýle hem ýurtlaryň şahsyýetleriniň global ýylylyga goşant goşýandyklary belli boldy. Şoňa görä-de, 2020-nji ýylda 10,7 tonna kömürturşy gazynyň çykmagyna sebäp bolan Hytaýda adam başyna düşýän gymmaty 7,4 tonna boldy.

Baýramgözel REJEPMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok